Bruneý
| |||||
Bruneý, doly ady Bruneý-Darussalam döwleti (mal. Brunei Darussalam) — Günorta-Gündogar Aziýada, Kalimantan adasynyň demirgazyk-günbatar kenarynda ýerleşýän döwlet (soltanlyk). Kenarýakasyny Günorta-Hytaý deňzi ýuwýar. Malaýziýa bilen araçäkleşýär. Tutýan meýdany — 5,8 müň km². Ilat sany — 401 müň (2011). Paýtagty — Bandar-Seri-Begawan. Milletler arkalaşygyna girýär.
Klimaty
[düzet | çeşmäni düzet]Klimaty tropiki ekwatorial. Günorta-Hytaý deňziniň akwatoriýasynyň mussonlarynyň güýçli täsirine sezewar bolýar. Howanyň temperaturasy tutuş ýylyň dowamynda 26 °C töwereginde üýtgäp durýar. Territoriýasynyň 75%-den gowragyny çygly tropiki tokaýlar tutýar, daşgyn zolagynda bolsa, mangr tokaýlary ösýär.
Aý | Ýan | Few | Mar | Apr | Maý | Iýn | Iýl | Awg | Sen | Okt | Noý | Dek | Ýyl |
---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|---|
Ort. ýokary temperatura (°C) |
27.8 |
27.8 |
29.2 |
29.1 |
29.5 |
28.1 |
28.4 |
28.3 |
28.0 |
27.5 |
27.4 |
28.0 |
|
Ort. pes temperatura (°C) |
16.1 |
16.0 |
19.5 |
20.9 |
20.9 |
23.7 |
23.1 |
23.3 |
25.3 |
23.1 |
19.2 |
16.6 |
|
Ygalyň mukdary (mm) | 277.7 | 138.3 | 113.0 | 200.3 | 239.0 | 214.2 | 228.8 | 215.8 | 257.7 | 319.9 | 329.4 | 343.5 |
Suw resurslary
[düzet | çeşmäni düzet]Ýurtda uly köller we derýalar ýok. Bruneý, Tudong, Temburong we Belaýt derýalary ýurduň günorta bölegindäki baýyrlardan demirgazyga tarap akyp, Günorat-Hytaý deňzine guýýar.
Aziýa ýurtlary |
||
---|---|---|
Ýurtlar | Azarbeýjan1 · BAE · Bahreýn · Bangladeş · Bruneý · Butan · Ermenistan1 · Eýran · Filippinler · Gazagystan1 · Gruziýa1 · Gündogar Timor · Günorta Koreýa · Gyrgyzystan · HHR · Hindistan · Indoneziýa · Iordaniýa · Kamboja · Katar · KHDR · Kipr · Kuweýt · Laos · Liwan · Malaýziýa · Maldiwler · Mongoliýa · Müsür2 · Mýanma · Nepal · Oman · Owganystan · Özbegistan · Päkistan · Russiýa1 · Saud Arabystany · Singapur · Siriýa · Şri-Lanka · Taýland · Täjigistan · Türkiýe1 · Türkmenistan · Wýetnam · Yrak · Ysraýyl · Ýaponiýa · Ýemen | |
1 Ýewropada hem ýerleşýär; 2 Afrikada hem ýerleşýär |