Mazmuna geçiň

Sapporo

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Sapporo Ýaponiýanyň ilaty boýunça bäşinji uly şäheri hasaplanýar. Ol Hokkaido adasynyň paýtagtydyr. 2007-nji ýylyň 1 -nji fewralyndaky maglumata görä, şäheriň ilatynyň sany 1 million 890 müňden geçýär. Ilatyň gürlügi bir inedördül kilometre 1686 adam düşýär. Şäher ýurduň esasy senagat we medeniýet merkezi hasaplanýar. Sapporoda iki sany ýokary okuw mekdebi bar. Şeýle hem Sapporo Hokkaýdo adasynyň şypahana ýeridir. Ol ýere ýylyň her paslynda dürli ýurtlardan jahankeşdeler gelýär. Şäher 1972-nji ýylda gyşky olimpiýa oýunlarynyň geçirilen ýeri hökmünde tanalýar. Şeýle-de her geçirilýän gar festiwaly şäheriň abraýyna abraý goşýar.

Şäher XIX asyrda Meýdzi döwründe gurulýar. Ol Kiotonyň gadymky bölegine meňzeş edilip gurlupdyr. Sapporoda oba hojalyk pudagy hem ösendir. Şäherde birnäçe iri senagat önümçilik kärhanalary işleýär. Şäherde gubernatorlygyň administratiw we hökümet binalary. şeýle hem Ýaponiýanyň iň abraýly uniwersitetleriniň biri ýerleşýär.

Şäheriň ykdysady mümkinçiliginiň 70 göterimi lomaý we bölek satuw söwdasy, jemgyýetçilik iýmiti we hyzmat pudagyna degişli senagat kärhanalary tutýar. Meselem, Susukino şatlykşagalaň meýdançasynda 4600-e golaý göwün açyjy jaýlar bar. Ol ýurtdaky iri göwün açyjy merkezleriniň biri bolmak bilen Ýaponiýanyň Las-Wegasy hasaplanýar.

Sapporonyň tebigatynyň gözellikleri daşary ýurtly jahankeşdeleriniň hem ünsüni çekýär. Her ýyl şähere 13 müň jahankeşde gelýär. Bu ýerde ýerlidir daşary ýurtly jahankeşdeler üçin ösen hyzmat ulgamy döredilipdir. Gyşyna jahankeşdeler gar festiwaly üçin gelýän bolsalar, ýaz we tomus pasyllarynda şäheriň muzeýlerini seýilgählerini we dürli sport desgalaryna aýlanyp görýärler.

pFad - Phonifier reborn

Pfad - The Proxy pFad of © 2024 Garber Painting. All rights reserved.

Note: This service is not intended for secure transactions such as banking, social media, email, or purchasing. Use at your own risk. We assume no liability whatsoever for broken pages.


Alternative Proxies:

Alternative Proxy

pFad Proxy

pFad v3 Proxy

pFad v4 Proxy